Futbol: Birinji liganyň ýaryşy tamamlandy

16:5701.12.2019
0
6683

30-njy noýabrda birinji liga wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çempionatynda üstünlik gazanan toparlaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Jemleýji bäsleşigiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda çempionlyk derejesini gazanan “Kerwene” baýragyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri gowşurdy.

Birinji liganyň jemleýji bäsleşiginde Ahal welaýatynyň “Tejen” topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň “Almaz” topary bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 7-sini geçirmegi başaran Aziz Abdullaýew (“Almaz”) çempionatyň “Iň köp gol geçiren” oýunçysy diýlip yglan edildi.

Ýaryşyň jemleýji tapgyrynda «Tejen» bilen «Türkmennebit» 4:4 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. «Derýaçy» «Almazdan» 1:4 hasabynda asgyn geldi. «Kerwen» bilen «Olimpiň» duşuşygynda bolsa Mary welaýatynyň wekiline tehniki utulyş yglan edildi.

«Kerweniň» asla utuk ýitirmän, 5 oýunda 15 utuk toplap bilen ýaryşyny «Tejen» 8, «Almaz» 7, «Türkmennebit» 6, «Derýaçy» 4, «Olimp» 1 utuk bilen tamamlady.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik meýdanynda geçirilen birinjilige welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyze wekilçilik eden toparlaryň 6-sy gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň