Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar Sinadoda ussatlaryň arasynda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

16:1301.12.2019
0
5355

Dzýudo boýunça türgenleriň halkara ussatlyk sanawyna görä, türkmenistanly dzýudoçylaryň ikisi 12 ― 14-nji dekabr aralygynda Hytaý halk Respublikasynyň Sindao şäherinde geçiriljek  «Qingdao Masters 2019» halkara ýaryşyna gatnaşarlar. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýylyň jemleýji halkara ýaryşyna biziň döwletimizden Hakberdi Jumaýew (60 kilograma çenli) bilen Gülbadam Babamuradowa (52 kilograma çenli) gatnaşar. Halkara ýaryşda dünýäniň 71 döwletinden 480 dzýudoçynyň güýç synanyşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň