Arslanmyrat Amanowyň topary tälimçisini üýtgedýär

15:3801.12.2019
0
3046

Özbegistanyň çempionatyny kümüş medal bilen tamamlan «Lokomotiwiň» baş tälimçisi Samwel Babaýan ýakynda Hytaýyň «Çançun Ýataý» topary bilen şertnama baglaşdy ― diýip, «Championat.asia» habar berýär.

Şeýlelikde, düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow hem çykyş edýän topar täze tälimçiniň gözlegine çykdy. Häzirki maglumatlara görä, «demirýolçularyň» täze baş tälimçisi Maksim Şaskih ýa-da Ulugbek Bakoýew bolup biler.

Ulugbek Bakoýew bu möwsümde «Sugdiýona» tälim berdi we topary bilen çempionatda dördünji orny eýeledi.

Maksim Şaskih bolsa şu ýylyň awgust aýyna çenli Kiýewiň «Dinamo» toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Haskewiçiň kömekçisi bolup işledi. 14-nji awgustda toparyň Haskewiç we onuň kömekçileri bilen şertnamany ýatyrmagyndan soňra Şaskih häzirlikçe işsiz. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň