Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti uçarda iş maslahatyny geçirdi

02:1630.11.2019
0
9113

Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti  Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady.

Döwlet Baştutany uçarda barýarka Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi bilen türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça wezipeleri çözmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu hyzmatdaşlyga milli Liderimiziň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bolan duşuşygynda garaldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklara, sammitde ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryna we tekliplerine aýratyn üns berildi. Sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini has-da ösdürmekde hem-de şeýle görnüşde pikir alşylýan meýdançany döretmekde bu duşuşygyň uly ähmiýeti nygtaldy. Şonda Liderler özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşyp biler hem-de ýeke-täk, umumy gün tertibi öňe sürüp bilerler.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we giňeltmegi özüniň baş maksady edip goýýar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň diplomatik edarasynyň işiniň ugurlaryna ünsi çekip, umuman, Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä bazaryna ýakynlaşmagyna ýagdaýlary döretmek üçin geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, şol döwletler bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny çuňňur we yzygiderli işlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen, şol sanda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan Özbegistan Respublikasynda öndürilýän oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almaga gyzyklanma bildirýär.

Milli Lider şeýle gatnaşyklaryň oňyn tejribesini belläp, ony giňeltmegiň hem-de biziň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalaryň täze nusgalaryny we görnüşlerini satyn almagyň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezident söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky gürrüňini dowam edip, ylym we bilim ulgamynda iki döwlet üçin hem möhüm bolan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada wezipe goýdy. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen şeýle gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, umuman, sebitiň innowasion taýdan ösmegi, onuň aň-paýhas we adam mümkinçiligini artdyrmak üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary hem-de beýleki bilim edaralary bilen göni aragatnaşyklary ösdürmeli diýip, döwlet Baştutany belledi.

Hormatly Prezident şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen ýangyç-energetika pudagynda gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisi babatda hem ähmiýetlidir. Çünki onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär.

Milli Lider sebitiň uglewodorod serişdeleriniň bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edip biljekdigini belläp, bu ugurda netijeli köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezident ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ulag-üstaşyr ulgamynda bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär hem-de olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly goşulmagy üçin şertleri döredýär diýip aýtdy.

Döwlet Baştutany Merkezi Aziýanyň giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze geljegini belläp, bäş Lideriň konsultatiw duşuşygynyň dowamynda garalan meseleleriň sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her biri üçin örän möhümdigini nygtady. Bu bolsa onuň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçaryň üstünde geçiren iş maslahatynda aýdanlaryny jemläp, ýolbaşçylaryň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi hem-de olary çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň