Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly dereje berildi

20:5128.11.2019
0
7046

Türkmenistanyň  Prezidentiniň Özbegistana iş saparynyň barşynda düýn – 28-nji noýabrda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de türkmen Liderine Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly derejäni bermek dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dabarany alyp baryjy bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurtlaryň Liderlerine hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu pursatlaryň Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryhyna aýratyn şanly waka hökmünde girjekdigi bellenildi. Türkmen halkynyň Lideriniň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň möhüm derejä çykarylmagyna goşan goşandy barada aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ylmy toparlaryň arasynda ägirt uly abraýa eýe bolan alym, birnäçe düýpli täzeçil gözleglere esaslanýan hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş, derman senagaty ulgamynyň, ykdysadyýetiň, binagärligiň we beýleki pudaklaýyn bilimleriň ösdürilmegine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň baý tebigatynyň öwrenilmegine bagyşlanan düýpli ylmy işleriň awtory bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň “Hormatly akademigi” diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdi kabul edendigi barada aýdyldy.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň durmuş ýoly, alyp barýan giň möçberli işi barada gürrüň berdi.   

Soňra alyp baryjy degişli Karary okady.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzot Ýuldaşew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly akademigiň lybasyny geýdirdi, hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşurdy.

Soňra hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, özüne Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäniň berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Türkmenistana goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ýeten derejesiniň ykrar edilmegi we iki ýurduň halklarynyň dostluk hem-de pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň