Soňky habarlar

Arhiw

Mirziýoýew Daşkentde Berdimuhamedow bilen duşuşdy

17:2628.11.2019
0
3763

Daşkent şäherindäki «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy.

Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Onuň soňky mejlisi şu ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Taraplar syýasy ulgamdaky gatnaşyklar boýunça guralan pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň pugta hem-de durnukly parahatçylygy, Merkezi Aziýa sebitinde çaklanylýan sazlaşykly ösüşi saklamak, bu ýerde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň ygtybarly guralyny döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna bolan gyzyklanmalary hem-de taýýarlygy mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm meseleler boýunça bilelikdäki gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, halkara guramalary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek, energetika, ulag, suw-energetika, ekologiýa, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk, oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň