Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Daşkent şäherine bardy

16:1428.11.2019
0
7888

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň teklibi bilen türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu ýerde türkmen Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar.

Belent mertebeli myhmany Islam Karimow adyndaky Daşkentiň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Arypow garşylady. Dabaraly kabul edilişden soňra Türkmenistanyň Prezidenti özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Prezidentler şu gün ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäginde geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we wezipelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Döwlet Baştutanlarynyň söwda-ykdysady, ulag we kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda we halkara hyzmatdaşlygynda gürrüňdeşlik geçirmegine garaşylýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň