Begenç Taganalyýew (AŞTU) : “Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalaryny çalşmaklyk onlaýn usulda ýola goýuldy”

14:0928.11.2019
0
883
Begenç Taganalyýew (AŞTU) : “Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalaryny çalşmaklyk onlaýn usulda ýola goýuldy”

Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünlikleri görkezmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýän «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisi hem-de ylmy masalahaty sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup durýar. Bu iri çäre ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär. “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň hünärmeni Begenç Taganalyýew “Türkmenportala” beren interwiýusynda şeýle diýdi:

- “Aşgabat şaher telefon ulgamy” ÝGPJ sergide sergileýän täzelikleri hakynda gysgaça aýdyp berseňiz?

- Şu günki günde “Aşgabat şaher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň halka ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň biri internet hyzmaty bolup durýar.

Jemgyýetimiz öz müşderileri üçin täze online hyzmaty işe girizdi. Bu sahypanyň kömegi bilen müşderilerimiz öz internet nyrhnamasyny aňsatlyk bilen çalşyp, dolandyryp bilerler.

Munuň üçin müşderi öý telefonyndan 084 belgini aýlap özüne degişli bolan PIN kody alyp biler; agts.tv web saýtymyzda şahsy otaga girip müşderi login ýerinde öz öý telefon belgisini girizmeli, PIN ýerinde 084 belgisinden alan kodyny girizip ulgama girmeli.

Şahsy otagyň kömegi bilen müşderilerimiz öz internet nyrhnamasyny aňsatlyk bilen çalşyp, dolandyryp bilerler.

 - Diýmek, ulanyjylar özleri, siziň ofisiňize gelmezden, öz internet nyrh-meýilnamalaryny dolandyryp bilýärler; we saýtyňyz arkaly ulanyjylaryň sargydyny kabul edip bilýäňiz, şeýlemi?

- Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmek barada öňde goýan tabşyryklaryny, häzirki zamanyň ülňelerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, ilatymyza ýerine ýetirýän hyzmatlarymyza bolan isleglerini kanagatlandyrmak, pudagymyzyň maddy binýadyny artdyrmak, hyzmatlary dolandyrmagy “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ müşderiler üçin Şahsy otag (https://my.agts.tv) arkaly biziň hyzmat ediş nokatlarymyza gelmezden  öz hasabyna girip birikdirilen hyzmatlarynyň sanawyny, olaryň hasabyny, şeýle hem açyk bolan goşmaça hyzmatlaryny görüp we internet nyrhnamasyny aňsatlyk bilen çalşyp bilerler.

Şeýle–de bu programma HalkBank ulgamy bilen integrasiýa edilip, müşderileriň ulanýan hyzmatlary üçin töleglerini online ýerine ýetirip bilmegi doly ýola goýuldy. Şahsy otag müşderilere Android we iOS ulgamlarynda ýüklemek üçin elýeterli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň