Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary synp okuwçylarynyň «Türkmentel ― 2019» halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyny tabşyrdy

11:2228.11.2019
0
817

27-nji noýabrda geçirlen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň XII halkara serginiň hem-de «Türkmentel — 2019» halkara maslahatyň ähmiýetini bellemek bilen, wise-premýer P.Agamyradowa forumyň işine umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşyp, bu ugurda gözýetimlerini giňeltmegi üçin şertleri döretmegi tabşyrdy.

Agzalan mejlisde Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat beren wise-premýer «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilişi barada hem aýtdy. Aşgabatdaky halkara sergi ýaşlaryň bu işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşmagynda uly ähmiýete eýedir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň