Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäher häkimligi şweýsar kompaniýasyndan jemagat hyzmatlary üçin täze tehnikalary satyn alar

23:2827.11.2019
0
10128

27-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýörite awtoulaglary we tehnikalary satyn almak hakynda resminama gol çekdi. Resminama laýyklyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny, zir-zibil gutularyny we konteýnerlerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «ITS Investment & Trading Services AG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama wise-premýer Ç.Pürçekowa elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberildi hem-de degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Täze tehnikalar ulanyşda ygtybarlylygy hem-de beýleki birnäçe artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar diýip, milletiň Lideri awtoulag serişdeleriniň hereketlendirijileriniň tygşytlylyk we ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan halkara talaplara kybap gelýändigini aýtdy. Paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ulanyljak tehnikalar Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, sürüjiler hem-de pyýadalar üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň