Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bije çekilişik dabarasy «Olimp» myhmanhanasynda geçiriler

16:4027.11.2019
0
14357

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden «Turkmenportala» berlen maglumata görä, 2020-nji ýyyň 26-njy fewraly ― 8-nji marty aralygynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bije atyşlyk dabarasy 6-njy dekabrda Olimpiýa şäherçesindäki «Olimp» myhmanhanasynda bolar. Bije çekilişik dabarasy şol gün sagat 15:00-da başlanar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, oktýabr aýynda geçirilen saýlama duşuşyklaryň netijesinde Aşgabatda geçiriljek jemleýji ýaryşa gatnaşjak 16 ýygyndy kesgitlenildi. 6-njy dekabrda boljak bije çekilişige bu ýygyndylar dört torbadan gatnaşarlar.

Has takygy, «A» torbany Türkmenistanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň we Özbegistanyň, «B» torbany Liwanyň, Wýetnamyň, Bahreýniň we Tailandyň, «C» torbany Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň we Koreýa Respublikasynyň, «D» torbany bolsa Saud Arabystanynyň, Indoneziýanyň, Kuweýtiň we Omanyň ýygyndylary düzýär.

Toparçalar her torbadan bir wekili almak arkaly düzüler. Şeýlelikde, ýaryşda ýer eýeleri hökmünde çykyş edýän türkmen futzalçylary toparçalaýyn tapgyrda yklymyň iň güýçli ýygyndylary bolan Eýranyň, Ýaponiýanyň we Özbegistanyň ýygyndylary bilen duşuşmaz.

Yklym we dünýä çempionatlarynyň däbine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada ýaryşar. Futzalçylarymyzyň toparçalardaky garşydaşlary 6-njy dekabrda bolar.

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bije çekilişik dabarasyna AFK-nyň we ýaryşa gatnaşjak ýygyndylaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Myhmanlara ýaryşyň geçiriljek sport toplumlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga-da şert dörediler. Şeýle hem «Olimp» myhmanhanasynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy derejesinde geçiriljek maslahatda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine serediler.

Türkmenistan yklym derejesindäki futzal ýaryşyny ilkinji gezek 2017-nji ýylda ― Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde kabul etdi. Aziýa çempionaty ― 2020 bolsa Aşgabatda soňky üç ýylyň dowamyndaky ikinji futzal baýramçylygy bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň