Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

23:5726.11.2019
0
12268

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine döwlet Baştutanymyzyň bu resminamada kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda häkim milletiň Lideriniň kabul eden çözgüdi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çäginde dörediljek täze şäheriň gurluşygy we zerur düzümi emele getirmek bilen baglanyşykly birnäçe wezipeler, şeýle hem gurluşygy tamamlamagyň möhletleri kesgitlendi.

Şu ýylyň mart we awgust aýlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Gökdepe etrabynyň çäginde täze şäheriň gurluşygyny tapgyrlaýyn esasda, has takygy, onuň birinji tapgyryny 2019 — 2021-nji ýyllarda, ikinji tapgyryny bolsa 2020 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaşaýyş jaýlarynyň 68-si, edara binalarynyň 8-si gurlar. Milli Liderimiziň şu ýylyň noýabr aýynyň başynda gol çeken Karary bilen, täze, döwrebap edara ediş merkezinde orta mekdepleriň 4-si, çagalar baglarynyň 10-sy, ýaşaýyş jaýlarynyň 131-si we 47 sany edara binasy gurlar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň şu gün gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň gurluşygy bilen bir hatarda içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny hem-de ýollary çekmek meýilleşdirildi.

Bu taslamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi desgalaryň 76-sy, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 68-si, edara binalarynyň bolsa 8-si gurlup ulanmaga berler. Häzirki wagtda bu ýerde binalaryň we desgalaryň jemi 64-sinde gurluşyk-gurnama işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Onda kuwwatly tehnikalaryň 350-den gowragy ulanylýar we oňa 700-e golaý gurluşykçy gatnaşýar.

Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda jemi 192 desga bina ediler. Olaryň 131-siniň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarydygyny, 61-siniň bolsa edara-kärhanalaryň binalarydygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde kottejleriň hem uly toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa raýatlaryň hususy isleglerine we ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almagyna mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň