Aşgabatda Özbegistandaky saýlawlara bagyşlanan brifing geçirildi

16:5926.11.2019
0
666

Düýn Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda dostlukly ýurtda dekabr aýynda geçiriljek iri çäreleriň ikisine — Özbegistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygyna hem-de ýurduň kanun çykaryjy edarasyna (Oliý Majlis) we ýerlerdäki halk häkimiýetiniň edaralaryna wekilleriň saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Konstitusiýa we saýlawlar — özbaşdak, demokratik döwletiň möhüm alamatlary» ady bilen geçirilen brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, degişli pudaklaryň hünärmenleri hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, şu ýylyň 8-nji dekabrynda Özbegistanda ýurduň Esasy Kanunynyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygynyň dabaraly belleniljekdigi hem-de onuň yzysüre, 22-nji dekabrda ýurduň kanun çykaryjy edarasyna we ýerlerdäki halk häkimiýetiniň edaralaryna wekilleriň saýlawlarynyň geçiriljekdigi barada habar berdi. Dostlukly döwletde bu çäreleriň ýokary derejede guralmagyna uly ähmiýet berilýär, çünki Konstitusiýa hem-de saýlawlar ýurtda demokratiýanyň dabaralanýandygynyň alamaty bolup, ol Özbegistanyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady-sosial durmuşynda bolup geçýän giň möçberli özgertmeleriň manymazmunyny açyp görkezýär. Şoňa görä-de, ýurduň çäginde we onuň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda bu iri çärelere düýpli taýýarlyk işleri alnyp barylýar, halkyň öz saýlan wekillerine ses bermegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Dostlukly ýurtda kanun çykaryjy edara wekilleriň saýlawlaryna uly ähmiýet berilýändigini nazara alyp, nobatdaky saýlawlaryň tapawutly taraplary barada beren sowalymyza, ilçi: «2019-njy ýylyň saýlawlary «Täze Özbegistan — täze saýlawlar» şygary astynda geçýär. Saýlawlar hakyndaky kadalaryň ýeke-täk umumy resminamada — täze Saýlaw kodeksinde öz beýanyny tapmagy nobatdaky saýlawlaryň esasy aýratynlygydyr. Ol syýasy partiýalaryň eýeleýän ornunyň berkidilmegi, paý (kwota) bilen bagly meseleleriň aradan aýrylmagy, saýlawçylaryň hukuklarynyň ýokarlandyrylmagy, saýlawa gatnaşýan raýatlaryň umumy elektron sanawynyň düzülmegi, saýlaw işinde tehnologik çözgütleriň we sosial torlaryň işjeň ulanylmagy hemde Ekologiýa partiýasynyň özbaşdak dalaşgär hökmünde saýlawlara gatnaşdyrylmagy ýaly köp sanly täzelikleri öz içine alýar. Täze Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara saýlaw okruglarynyň 150-siniň ählisinden hem öz dalaşgärlerini hödürlemäge mümkinçilik berildi» diýip, jogap berdi.

Diplomatyň aýtmagyna görä, raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, Özbegistanda ýerli Geňeşleriň deputatlaryny saýlamak boýunça okruglaryň 6,7 müňüsi, saýlaw uçastoklarynyň 10 müňden gowragy döredildi. Şeýle hem ýurduň daşynda bolan raýatlaryň öz saýlan wekillerine ses bermegi üçin Özbegistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň garamagynda 53 sany uçastok döredildi. Häzirki wagtda şeýle göçme uçastoklaryň biri — 139-njy saýlaw okrugynyň 5-nji saýlaw uçastogy Türkmenistanda hereket edýär. Munuň özi Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan özbek raýatlarynyň öz saýlaw hukuklaryndan doly derejede peýdalanmaga we mynasyp gören dalaşgärlerini saýlamaga döredilen mümkinçilikdir.

Brifingiň ahyrynda Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygy barada aýratyn nygtaldy. Munuň şeýledigini dekabr aýynda dostlukly ýurtda geçiriljek saýlawlara, adatdakylar ýaly, türkmenistanly milli synçylaryň gatnaşýandygy-da doly tassyklaýar. Bu bolsa iki ýurduň Liderleri tarapyndan hil taýdan täze derejä çykarylan türkmenözbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, kanun çykaryjylyk we saýlawlar bilen bagly meselelerde hem üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň