Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri balyk bolçulygyny döredýärler

11:5426.11.2019
0
3940

Türkmen telekeçileri bazarlarda balyk bolçulygyny döretmek maksady bilen tutanýerli iş alyp barýarlar. Bu ugurda telekeçi Mekan Gylyjow öndürijilikli zähmet çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, oňa uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin 31 gektar ýer bölünip berildi. Onuň 21 gektarynda balykçylyk hojalygyny döretmek maksady bilen, emeli usulda balyklary ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen howuzlar guruldy. Şeýle-de, balyklaryň iýmitini taýýarlamak, ýagny ýorunja, arpa ekmek üçin 200 gektar ýer özleşdirildi. Howuzlara ak amur, tüňňümaňlaý, teňňe görnüşli ownuk balyklar goýberilip, olar taýýar harytlyk derejesine ýetýänçä talabalaýyk idedilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýatyndaky agzalary hem balyk we balyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. «Ak durna» hususy kärhanasy hem Daşoguz welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk düzümlerinde göreldeli zähmet çekýär. Kärhananyň hünärmenleri balyk we balyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga mynasyp goşant goşmagy maksat edinýär. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň A.Nowaýy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ak durna» hususy kärhanasynda her ýylda 60 tonna diri balyk alyjylara hödürlenilýär. Howdanlardaky balyklar eýýäm gerekli agramyny alyp, alyjylara hödürlenilýär.

Telekeçi Täçmuhammet Durdyýewiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän howzunda ýetişdiren balyklary hem paýtagtyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda elýeterli bahadan halka hödürlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň