Soňky habarlar

Arhiw

«Dinamika» fitnes kluby Aşgabadyň ýaşaýjylaryny Açyk gapylar gününe çagyrýar

08:5426.11.2019
0
8738

«Dinamika» fitnes kluby Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 1-nji dekabrda geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar. Dabaranyň myhmanlaryna mugt türgenleşmäge, islendik türgenleşik enjamy barada açyk sapak almaga we täzelikleriň uly toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik alar.

Bu fitnes kluby şu ýylyň mart aýynda Gurtly ýaşaýyş toplumynda açyldy. Bu ýerde bedeniňi berkitmek bilen bir hatarda sportuň Saýkling we uşu görnüşleri bilen hem meşgullanmak mümkindir.

Fitnes klubynda türgenleşýänlere birnäçe ýeňillikler bar. Mysal üçin, klub maşgala bolup türgenleşýänlere käbir bonuslary hödürleýär. Bu ýerdäki tälimçileriň arasynda başa-baş söweş sungatlary boýunça halkara sport ussady Jennet Aýnazarowa, sport ussady Gülnara Jallyýewa ýaly ussatlar bar.

Ýakynda geçirilen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly bilim we sport sergisine «Dinamika» fitnes zaly hem öz bölümi bilen gatnaşdy.

Fitnes kluby her gün sagat 10-dan agşam 20:30-a çenli işleýär. Ol Aşgabadyň Gurtly ýaşaýyş toplumynyň 21-nji öýünde, 183-nji çagalar bagynyň gabat garşysynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin: +99363847116. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň