Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:4725.11.2019
0
6691

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň wezipeleri, obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň inženerçilik-tehniki düzümini degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Liderine jemagat hojalygy üçin niýetlenen tehnikalaryň nusgalary görkezildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine onuň Aşgabat şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda degişli düzedişleri girizen we bellikleri aýdan türkmen alabaýynyň heýkeliniň täzeden işlenen görnüşi görkezildi. Bu heýkel paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň ajaýyp ýerinde oturdylar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda welaýat häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işler, şol sanda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça geçirilýän degişli işler, ýerleriň we tehnikalaryň geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy barada hasabat berdiler.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň täze gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy, ilatyň agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, sebitleriň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Milletiň Lideri möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly ýerine ýetirmegiň ähmiýetini nygtap, şunda oba hojalyk önümçiliginde täze, netijeli tehnologiýalary we usullary, gowaçany, bugdaýy hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmegi iş ýüzünde ulanmagyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň sowamagy bilen baglylykda, meýdanlarda galan pagtany ýygnamagy çaltlandyrmalydygyny aýdyp, kabul ediş bölümleriniň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň takyk işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, meýdanlarda geçiriljek nobatdaky möwsüme öňünden taýýarlyk görülmelidigi baradaky meselä ünsi çekdi. Şol işler giňişleýin we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly bolmalydyr.

Düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurulmagy barada aýdylanda, gurluşyklaryň ýokary hilli bolmagy, täze gurluşyklaryň ählisiniň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy hem-de halkara ölçeglere gabat gelmegi bildirilýän esasy talap bolup durýar diýip, milletiň Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, ýylyň tamamlanmagyna çenli az wagtyň galandygyny belläp, amala aşyrylýan işleriň hemmesiniň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Durmuş maksatly desgalaryň ýylylyk bilen üznüksiz üpjün edilmegi hem-de umuman, sebitiň durmuş üpjünçiligine degişli hemme ulgamlarynyň zerur derejede işlemeginiň üpjün edilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň