Türkmenistanda tebigy gazyň täze akymy işläp başlady

10:3025.11.2019
0
10366

Golaýda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri üçin ýatda galjak möhüm wakalaryň biri bolup geçdi. Müdirligiň hünärmenleri Täjibaý meýdançasyndaky ikinji belgili guýudan tebigy gazy gazyp alyp başladylar. Munuň özi bu meýdançada baýlyk agtaryjylar tarapyndan deslapky degişli gözleg işleriniň geçirilmegi, barlag guýularynyň gazylyp, ondan «mawy ýangyjyň» senagat akymynyň alynmagy netijesinde mümkin boldy. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Baýlyk agtaryjylar Malaý gaz känine golaý ýerleşýän Täjibaý meýdançasynda indi birnäçe ýyllardan bäri yhlasly zähmet çekýärler. Olar tarapyndan geçirilen işler bu meýdançada tebigy gazyň bol gorlarynyň bardygyny aýdyň görkezdi. Şonuň netijesinde Täjibaý meýdançasy senagat taýdan özleşdirilip başlandy. Hut häzirki günlerde bolsa bu ýerde barlag guýularynyň üçüsiniň burawlaýş işleri üstünlikli dowam edýär.

Şeýle işler ýakynda Babarap gaz käninde hem üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýerde dördüni guýudan önüm alnyp başlandy. Ýakyn gejekde bolsa Babarap we Kerwen gaz känlerinde ýene-de ulanyş guýularyny gazmaga girişmek meýilleşdirilýär. Şeýle tagallalar ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişderlerini öndürmekde täze belentlikleri abraý bilen eýelemäge, ýetip gelýan hünär baýramymyza mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmaga mümkinçlik berer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň