Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «AFC Grassroots Football Day 2019» atly çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

23:2124.11.2019
0
4680

Şu gün, 24-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 6-12 ýaş aralygynda çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagyndaky çagalar festiwalyna  paýtagtymyzyň  çagalar toparlarynyň 8-sine wekilçilik edýän çagalaryň 100 töwereginiň gatnaşandygyny ýatladýarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň