Soňky habarlar

Arhiw

«Istiklol» sekizinji gezek Täjigistanyň futbol kubogyna mynasyp boldy

20:5124.11.2019
0
3671

Şu gün Duşenbäniň «Istiklol» futbol topary öz taryhynda sekizinji gezek Täjigistanyň kubogyna mynasyp boldy. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, «Istiklol» final duşuşygyny «Regar-TadAZ» bilen geçirdi. Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlendi. Ugrularda «Istiklol» 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy duşenbelileriň derwezeçisi Rustam Ýatimow boldy.

Futbol boýunça Täjigistanyň kubogy ugrundaky ýaryş 1992-nji ýyldan başlap her ýyl geçirilip gelinýär. Oňa ýurduň Ýokary we Birinji ligasynyň wekilleri gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň