Soňky habarlar

Arhiw

Azat Baýryýewiň geçiren goly MFL-de «Rotoryň» «Tomy» ýeňmegine goşant goşdy

14:0224.11.2019
0
5913

Russiýanyň Milli futbol ligasynyň 25-nji tapgyrynda Wolgogradyň «Rotor» topary «Tomy» 2:0 hasabynda ýeňdi diýip, «Sport24» neşiri habar berýär.

Duşuşygyň 20-nji minudynda hasaby toparyň kapitany, türkmen goragçy Azat Baýryýew açdy. Wolgogradlylara garşydaşyň derwezesinden birinji ýarymda ýene bir pökgini geçirmäge mümkinçilik döredi. Muhammad Sultonow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. 85-nji minutda hüjümçi Kamil Mullin toparynyň ikinji pökgüsini geçirip, ýeňşe bolan ynamy has güýçlendirdi. Bu ýeňişden soňra utugyny 52-ä çykaran «Rotor» ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda. «Tomuň» düzüminde hem bir ildeşimiziň ― 32 ýaşly hüjümçi Maksim Kazankowyň oýnandygyny ýatladýarys.

1989-njy ýylda Balkanabatda doglan Azat Baýryýew maşgalasy bilen bäş ýaşyndaka Russiýa göçüp gidýär. Ol Wolgogradyň «Rotorynyň» düzümine 2018-nji ýylda goşuldy. Futbolçy ondan öň Russiýanyň «Kuban», «Salýut», «Dinamo» (Brýansk), «Alaniýa», «SKA-Habarowsk», «Zenit» (Penza), «Wolgar» ýaly toparlarynda çykyş etdi. 2008-nji ýylda bolsa Russiýanyň ýaşlar ýygyndysynda bir duşuşyk geçirdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň