Daşkentde Merkezi Aziýanyň tälimçileri üçin FIFA-nyň okuwlary geçirildi

13:1224.11.2019
0
2483
Daşkentde Merkezi Aziýanyň tälimçileri üçin FIFA-nyň okuwlary geçirildi

19 ― 23-nji noýabr günlerinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde sebit instruktorlary üçin FIFA-nyň okuw maslahaty guraldy diýip, Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, bu okuw-maslahatyna Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan (7 wekil) wekiller gatnaşdy. Okuwlary FIFA-nyň instruktory Muhammad Basir geçirdi, oňa Ilham Ahmedow ýardam berdi. Şawkat Imamow bolsa bu okuwyň menejeri boldy. Okuwlaryň netijesinde oňa gatnaşyjylar amaly we nazary taýýarlygyny artdyrdylar. Okuwyň nazary bölegi «City Palace» myhmanhanasynda, amaly bölegi bolsa «Bunýadkor» akamediýasynyň meýdanynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň