Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bije atyşmak çäresine taýýarlyk görülýär

19:3323.11.2019
0
5814

Surat «Watan» habarlar gepleşiginden düşürildi 

22-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýanyň çempionaty bilen baglylykda, bije atyşmak çäresine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

TDH-nyň bu baradaky habarynda agzalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Bu çempionat Aziýa sebitiň sport durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüler.

«Turkmenportala» mälim bolşy ýaly, Aziýa çempionatynyň bije atyşmak çäresi 6-njy dekabrda meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýyygndysy ýer eýesi hökmünde bu bije atylyşyga birinji torbadan gatnaşar. Bu bolsa toparçalaýyn tapgyrda türkmen futzalçylarynyň Aziýanyň iň güýçli ýygyndylary bilen duşuşmak ähtimallygyny aradan aýyrýar.

Futzal boýunça Aziýa çempionaty 2020-nji ýylyň 26-nji fewraly ― 8-njy marty aralygynda Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumlarynyň ikisinde geçiriler. Oňa oktýabr aýynda geçirilen saýlama duşuşyklaryň netijesinde yklymyň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşar. Çempionata has ýokary görkezijiler bilen çykyş eden bäş ýygynda indiki ýyl Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň