Koreýa Respublikasynyň we Singapuryň ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýetleri Türkmenistanda iş saparynda boldular

19:2223.11.2019
0
13097

22-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, bilim özgertmelerini amala aşyrmagyň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýady berkidilýär. Soňky ýyllarda bu binýadyň üsti milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň barşynda gol çekilen resminamalar bilen ýetirildi.

Koreýa Respublikasynyň hem-de Singapuryň iri ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýetleriniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, singapurly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki ýokary okuw mekdebini döretmek meselesine garaldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň