Balkan welaýatynda baý demir käni tapyldy

00:1323.11.2019
0
15121

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 22-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Meredow döwlet Baştutanyna Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany bu habary kanagatlanma bilen diňläp, şol bir wagtyň özünde sanly wideoaragatnaşyga wise-premýerler B.Öwezowy we Ç.Purçekowy çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen topragynda bar bolan tebigy baýlyklaryň ýurdumyzyň abadançylygynyň we alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň bähbidine işjeň peýdalanylmalydygyny we degişli derejede özleşdirilmelidigini aýtdy.

Bu işleriň ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagynda aýratyn orun eýeleýändigini belläp, döwlet Baştutany ýüze çykarylan demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasyny gurmak, onuň degişli derejedäki işini ýola goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň