Soňky habarlar

Arhiw

Manamada türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler

23:4822.11.2019
0
3890

Wise-premýer Ç.Gylyjow 22-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanyna 27-nji ýanwarda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçiriljek türkmen-bahreýn işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Duşuşyga nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, dokma we azyk senagatlarynda, senagat harytlarynyň önümçiliginde, gämi gurluşygynda, şeýle hem kommunikasiýa, syýahatçylyk, söwda, maýa goýum, bank ulgamy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň, kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň dowamynda bahreýn tarapyny Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, öňdebaryjy pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Çäräniň deslapky maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we birnäçe kärhanalara, senagat toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň