A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň topary Astrahan şäherinde döredijilik saparynda bolar

23:4722.11.2019
0
5991

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Aşgabadyň A.S.Piuşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň topary döredijilik saparynda bolar diýip, «Astrahan habarlary» neşiri ýazýar.

Habarda aýdylyşy ýaly, türkmenistanly sahna ussatlary 26 ― 27-nji noýabr günlerinde Astrahanyň drama tetarynda çykyş eder. Olar russiýaly körpe tomaşaçylara türkmen halk ertkelieri esasynda sahnalaşdyrylan «Böwenjik» atly sahna oýnuny görkezerler. Uly ýaşly tomaşaçylar üçin bolsa ýazyjy Atajan Taganyň «Keseki» atly powestiniň esasynda sahnalaşdyrylan «Biz hökman duşuşarys» atly oýun görkeziler. Bu eser Aşyrmuhammet Rahmanow tarapyndan goýuldy.

Türkmenistanly sahna ussatlary 23 ― 24-nji noýabr günlerinde Wolgograd şäherinde hem çykyş edýärler. Olaryň bu döredijilik sapary «Uly gastrol» ynsanperwer federal maksatnamasynyň çäklerinde guralýar. Bu medeni çäre Russiýa Federasiýasynda bassyr alty ýyl bäri geçirilip gelinýär.

Türkmenistandaky rus teatry 1926-njy ýylda döredildi. Teatra 1937-nji ýylda görnükli rus şahyry Aleksandr Puşkiniň ady dakyldy. Bir asyra golaý wagtyň dowamynda teatryň sahnasynda dürli halklaryň durmuşyna degişli eserler sahnalaşdyryldy. Teatryň döredijilik topary häzirki günlerde rus nusgawy dramaturgiýasy bilen birlikde döwürdeş dramaturglaryň eserlerine hem ýüzlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň