Türkmenistanyň zenanlar olimpiýa ýygyndysy CAFA ― 2019-a utulyş bilen başlady

20:2022.11.2019
0
5848

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar olimpiýa ýygyndysy CAFA ― 2019 halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Owganystanyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Çempionat Täjigistanda geçirilýär.

Kamil Mingazowyň şägirtleri alty ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşda bäş duşuşyk geçirer. Bir aýlaw görnüşinde boljak ýaryşyň ahyrynda iň köp utuk gazanan ýygyndy çempion bolar. Türkmenistanly zenan futbolçylaryň ilkinji duşuşygyň Duşenbe şäheriniň Merkezi stadionynda geçirildi.

Ýaryşyň ilkinji gününde ýer eýeleri ― Täjigistanyň olimpiýa ýygyndysy eýranly futbolçylardan 0:4 hasabynda asgyn geldi.

Biziň ildeşlerimiz ikinji tapgyrda (23-nji noýabr) ýaryşyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri ― Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy tarapyndan geçirilýän halkara ýaryş 28-nji noýabrda tamamlanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň