Soňky habarlar

Arhiw

Internetiň 6-njy nesli taýýarlanýar

15:3622.11.2019
0
956

Golaýda internet aragatnaşygynyň 5-nji nesli ýola goýlan Hytaýda nobatdaky nesli işläp taýýarlamak üçin taýýarlyk görülýär. Has ýokary tizlikli aragatnaşygyň ýola goýulmagy üçin hususy pudakda iş alyp barýan hünärmenler hem-de ylmy işgärler zähmet çekýärler. 5G tehnologiýasy mobil enjamlar bilen bir hatarda öý hojalyk enjamlaryny, awtoulaglary we beýleki elektrik enjamlarynyň arasyndaky gatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 6G-niň bolsa, 5G-den 100 esse ýokary tizlikli boljakdygy bellenilýär. Täze tehnologiýanyň 2030-njy ýylda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň