Soňky habarlar

Arhiw

Bişkegiň «Dordoýynyň» ýurduň futbol çempiony bolmagy mynasybetli dabara geçirildi

14:2722.11.2019
0
3741

21-nji noýabrda Bişkek şäherindäki «Dordoý Plaza ― 2» söwda merkezinde Gyrgyzystanyň futbol çempionaty ― 2019-da «Dordoýyň» çempion bolmagynyň şanyna dabara geçirildi diýip, «Sport.kg» saýty habar berýär.

Taryhynda ýurduň 11 gezek çempiony bolan toparyň futbolçylaryny ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, hemaýatkärler, janköýerler we metbugat wekilleri gutlady. Dabara «Dordoý» we «Dordoý ― 2» toparlarynyň futbolçylarynyň surata düşülişik pursatlary bilen başlady. Oňa ýokary derejeli myhmanlar, futbolsöýüjiler we dürli ýaşdaky janköýerler gatnaşdylar. Dabaralaryň dowamynda janköýerlere söýgüli futbolçylary bilen surata düşmäge, olardan ýadygärlik ýazgy almaga mümkinçilik döredi.

Bu dabaraly agşamda Gyrgyzystanyň çempionatynyň iň nesijeli hüjümçisi bolmagy başaran ildeşimiz Wahyt Orazsähedowa hem ýörite baýrak gowşuryldy. Ol geçen möwsümde çempionatda 20, Gyrgyzystanyň kubogy ugrundaky ýaryşda 3, AFK-nyň kubogynda hem 3 gezek tapawutlandy. «Dordoýyň» geçen möwsümdäki iň gowy oýunçysyna niýetlenen baýrak bolsa Farhad Musabekowa gowşuryldy.

Soňra toparyň futbolçylaryna çempionlyk tabagy gowşuryldy. Bu baýrak gyrgyz çempionatyndaky iň abraýly baýrakdyr.

Gyrgyzystanyň çempiony bolan «Dordoý» AFK-nyň kubogy ― 2020-ä gatnaşmaga hem hukuk gazandy. «Dordoý» Täjigistanyň çempiony «Istiklol», Türkmenistanyň çempiony (çempion heniz belli däl) we saýlama tapgrydan geljek topar bilen bir toparçada ýaryşar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň