Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

12:2322.11.2019
0
1632

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda pudakdaky işleriň ýagdaýyna seljerme berildi, ýer-suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň alnyp barylyşy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp hem-de iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletiň oba hojalygyny ösdürmäge we pudakda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Munuň üçin köp möçberde maýa goýumlaryny goýmak bilen, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

Oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Daýhanlarymyz tehniki hyzmatlar we suw bilen, mineral dökünlerdir tohum, himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Tabşyrylýan önümler üçin hasaplaşyklar hem öz wagtynda geçirilýär. Biz bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleri öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny hem ýokarlandyrdyk. Geçirilýän şu işleriň netijesinde, oba zähmetkeşleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl edermen daýhanlarymyzyň 1 million 650 müň tonnadan gowrak galla, häzire çenli 1 million 60 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlamagy başarandyklaryny nygtady. Beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl ýygnalyp alyndy.

Şeýlelikde, biz pudakda döwrebap özgertmeleri geçirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek hem-de dokma kärhanalarymyzy pagta önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şonuň bilen baglylykda, ilatyň un, çörek we çörek önümleri bilen üpjünçiligini nazara alyp, bugdaý ekilýän meýdanlary geljek ýylyň hasylyndan başlap, 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli azaltmak we 1 million 400 müň tonna galla öndürmek meýilleşdirildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze dokma kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini hem-de içerki önüm öndürijileriň pagta önümlerine islegleriniň artýandygyny göz öňünde tutup, bugdaýdan artýan 70 müň gektar ýeri täze ýylyň hasylyndan başlap, gowaça ekilýän meýdanlara goşmak we gowaça meýdanlaryny 620 müň gektara çenli köpeltmek hem-de ýurdumyz boýunça 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek bellenildi. Bu bolsa dokma we ösümlik ýagyny öndürýän senagat kärhanalarymyzy pagta önümleri we tehniki çigit bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu önümleriň özümizden artýan bölegini daşarky bazarlara ýerlemäge hem şert döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk baradaky meselä degip geçip, bu pudakda önümçiligi alyp barmagy kämilleşdirmek, pudaga hususy maýa goýumlaryny çekmek, mallaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak we alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, bu pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, olar üçin amatly şertleri döretmek we ýeňillikli bank karzlaryny bermek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda uly maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup, işe girizilýär diýip belledi. Bu döwrebap toplumlaryň ot-iýmler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär. Döwletimiz tarapyndan şeýle şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürýän döwrebap önümçilikler döredilýär. Hususy önüm öndürijiler ýurdumyzyň söwda nokatlaryny we bazarlaryny maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar.

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli Tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça hem giň möçberli işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we halkara forumlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suwy we energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, Aralýaka sebitiň ekologiýa meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze başlangyçlar we teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär.

Emma, gazanylan bu üstünliklere garamazdan, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda heniz çözülmedik meseleler, ulanylmaýan mümkinçilikler hem az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa görä-de, ýerden-suwdan peýdalanmakda, ýeriň hakyky eýesini tapmakda, hasyllylygy ýokarlandyrmakda we ekin dolanyşygyna geçmekde netijeli işleri alyp barmaly. Geljek ýyldan başlap gowaça meýdanlarynyň artdyrylýandygyny göz öňünde tutup, ýerleri ekişe talabalaýyk taýýarlamak üçin täze, döwrebap usullary, tehnologiýalary we tehnikalary ulanmaly. Ýerleri endigan tekizlemek üçin lazerli tekizleýjileri giňden peýdalanmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Umuman, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmeli. Sanly ulgama geçmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hasyllylygy ýokarlandyrmak babatda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmaly. Ekinlere hyzmat etmegiň agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirilmeli.

Ýerleriň hasabyny takyk ýöretmek üçin Ýer kadastryny taýýarlamagy çaltlandyrmaly. Oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamaly we netijeli ulanmaly. Pudagyň mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün edilmegini hem gazanmaly. Ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy netijeli göreş alyp barmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilendigini ýatlatdy.

Şol çözgütlere laýyklykda, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja, ýeralma ekinleriniň, üzümiň we miweli baglaryň meýdanlaryny artdyrmak, bu ugurda ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hususy önüm öndürijiler üçin daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinden ýörite ýer gaznasy döredilip, olara ýer bölekleri bellenen tertipde paýlanyp berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ekinleri ösdürip ýetişdirmekde hem-de oba we suw hojalyk tehnikalaryny, gurallary we enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek barada ýörite karar kabul edildi. Şoňa görä-de, daýhanlara bank karzlaryny uzaga çekdirmän, wagtynda bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu işe Merkezi bankyň we «Daýhanbankyň» ýolbaşçylary berk gözegçilik etmeli.

Telekeçiler bölünip berlen ýerlerde ýyladyşhanalaryň we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Oba hojalygyny suw serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek hem örän möhüm wezipe bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň ýitgisini azaltmak maksady bilen, täze suw howdanlaryny gurmak, bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, derýalarymyzyň, suwaryş we şor suw akabalarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak, suw hojalygynda ulanylýan döwrebap tehnikalary we läbik sorujylary satyn almak boýunça döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýumlaryň goýberilýändigini nygtady.

Şoňa görä-de, bu ugurda hem ýeterlik işleri geçirmeli. Garagum derýasyny gyrmançadan arassalamak, suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işlerini, täze howdanlaryň gurluşygyny çaltlandyrmaly. Ekinleri suwarmakda suw tygşytlaýjy usullary, ýagny damjalaýyn we ýagyş ýagdyrmak usullaryny hem giňden ornaşdyrmaly. Zeýkeşleri wagtly-wagtynda arassalap durmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Mallary hususy eýeçilige bermek işlerini hem çaltlandyrmaly. Maldarçylyk pudagynyň ot-iým üpjünçiliginde, öri meýdanlaryny ulanmakda netijeli işleri geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mallaryň önümliligini artdyrmak, tohumçylygyny gowulandyrmak, pudagy ylmy esasda ösdürmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly. Bu işde alymlaryň ornuny has ýokarlandyrmaly. Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini hem çaltlandyrmaly.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen döwlet Maksatnamalarynyň doly we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, pudakda bar bolan kemçilikleriň düzedilmegi üçin şu ýerde oturan ýolbaşçylar gönüden-göni jogapkärçilik çekýärler.

Şoňa görä-de, bu ugurda işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi we ýüze çykýan meseleleriň öz wagtynda çözülmegi üçin, milli Liderimiz aşakdaky anyk wezipelere bu ýere ýygnananlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi, oba hojalyk önümleriniň bol öndürilmegini üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, hususy önüm öndürijilere ekerançylyk ýerlerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ministrligiň öňünde Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň agrotehniki çärelerini wagtynda geçirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak, önüm öndürijilere hyzmatlary ýerine ýetirmek, ýerleriň takyk hasabyny ýöretmek we suw serişdelerini netijeli ulanmak işlerini sanly elektron ulgam arkaly dolandyrmak üçin çäreleri görmek wezipesini goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýerleriň görnüşleri boýunça toparlaryny, mukdaryny we hil häsiýetnamalaryny, ykdysady bahasyny, ýerleşýän çägini, şeýle hem ýer bölekleriniň eýeleri boýunça resmileşdirilen maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumat ulgamyny özünde jemleýän Döwlet ýer kadastryny döretmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini, suw tutmak işleriniň ylmy esasda we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanmaly. Welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde şu ýyl ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmeli. Täze ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz görkezme berdi.

Oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine çenli abatlap, talabalaýyk saklamak, şeýle hem ýokary hilli tohumlary taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmeli. Ekin dolanyşygyna uly üns berip, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin netijeli usullary ornaşdyrmaly.

Ylymlar akademiýasy we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary bilen bilelikde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän we kesellere durnukly ekinleriň täze görnüşlerini döredip, önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

Milli Liderimiz bu ugurda ekinleriň tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk ýola goýmak üçin netijeli ylmy barlaglary geçirmegi, ekinleriň zyýankeşlerine we mallaryň kesellerine garşy alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenýän hem-de eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy, oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamagy we netijeli ulanmagy üpjün etmegi ministrligiň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Mallaryň we guşlaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylygyny gowulandyrmak, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak hem-de ot-iým üpjünçiligini berkitmek, örüleri netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Daşky gurşawy goramaga hem aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak üçin goraghanalaryň işini talabalaýyk guramaly. Milli Tokaý maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işini yzygiderli dowam etmeli diýip, milli Liderimiz görkezme berdi.

Oba hojalyk pudagyna telekeçileri giňden çekmeli we ýyladyşhanalaryň hem-de beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny giň gerim bilen alyp barmaly. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde telekeçilere berlen ýer bölekleriniň ulanylmagyna berk gözegçilik etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem oba hojalygy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi, degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde okuwy tamamlan ýaş hünärmenleri öz ugurlary boýunça işe ýerleşdirmek hem-de olar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini döretmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hakynda aýdylanda, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hem-de suw üpjünçiligini göz öňünde tutmak bilen, suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny we goralmagyny üpjün etmeli.

Ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşmagynyň öňüni almak üçin hojalygara we içerki suwaryş hem-de şor suw akabalarynda arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Garagum derýasyny gyrmançadan arassalamak we giňeltmek işlerini yzygiderli geçirmeli.

Suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljerip, göwrümini giňeltmek, täze howdanlaryň gurluşygyny güýçlendirmek üçin meýilnamalaýyn işleri alyp barmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmen atlary» döwlet birleşigine aşakdaky wezipeleri tabşyrdy: welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli, olaryň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamaly, arassa ganly tohum atlary köpeltmek, olaryň tohumçylygyny kämilleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli alyp barmaly, atlar üçin ýokumly ot-iým binýadyny döretmek boýunça zerur çäreleri görmeli.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň depginini güýçlendirip, obalaryň abadanlaşdyrylmagyna we durmuş taýdan üpjünçiligine aýratyn üns bermegi, meýdanlarda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýeriň hakyky eýesini tapmak we ýeri-suwy netijeli ulanmak üçin yzygiderli işleri alyp barmaly. Ýerleri we tehnikalary ýaz ekişine taýýarlamak işlerine berk gözegçilik etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde gök-bakja, ýeralma we miwe hem-de et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, şu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi banka we «Daýhanbanka» tabşyrylan önüm üçin öndürijiler bilen hasaplaşyklary gijikdirmän, wagtynda geçirmek, oba ýerlerinde bankomatlaryň sanyny köpeldip, olarda hemişe nagt pul serişdeleriniň bolmagyny üpjün etmek we muňa berk gözegçilik etmek boýunça görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» geçen ýylyň oktýabrynda kabul eden kararyna laýyklykda, önüm öndürijilere ekinleri ýetişdirmek hem-de tehnika satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlarynyň yzygiderli berilmegini üpjün etmeli we bu işleri berk gözegçilikde saklamaly.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, oba hojalyk önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge telekeçileri giňden çekmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere telekeçilere peýdalanmaga berlen ýer bölekleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýyladyşhanalaryň gysga wagtyň içinde gurlup, ulanylmaga berilmegini hem-de olarda öndürilen ýokary hilli gök önümler bilen bazarlarymyzyň bolelin üpjün edilmegini gazanmagyň wajypdygyny aýtdy.

Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp hem-de bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, görnüşi ýaly, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň hemişe bolçulygyny üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek boýunça öňümizde uly wezipeler durýar, bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr diýip nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň