Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmen Milli Logistik” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tehniki kükürdi täze halta-konteýnerler arkaly eksport etmäge girişdi

12:0822.11.2019
0
1137

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Türkmen Milli Logistik” (TML) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze tehnologiýa boýunça, ýagny ýük göterijiligi 13 tonna bolan halta-konteýnerler arkaly tehniki gaz kükürdini daşamaga girişdi.

Mälim bolşy ýaly, bu gabyň tanyşdyrylyşy 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki innowasion tehnologiýalar sergisinde geçirildi.

Konteýnerler uly sygymlylygy, çyga durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpden hem olar dürli harytlary ammarda ýerleşdirmek we uzak aralyklarda islendik howa şertlerinde daşamak üçin ulansa bolar.

Kärhananyň aýda 20 000 tonna kükürdi daşamaga mümkinçiligi bar.

TML GDA, Ýakyn we Uzak Gündogar ýurtlaryna ýükleri ibermek boýunça hyzmatlar toplumyny ýerine ýetirip, özüniň işewür gatnaşyklarynyň çägini giňeldýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň