Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär

11:4622.11.2019
0
903

2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri habar berýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär.  Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň