Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

22:2920.11.2019
0
3472

Şu gün – 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi.

Bu çärä ÝUNISEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, ÝUNISEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Bilim ministri we ÝUNISEF-yň Türkmenistandaky wekili giriş sözleri bilen çykyş etdiler we çykyşlarynyň dowamynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň taryhy barada gysgaça gürrüň bermek bilen, Konwensiýanyň 30 ýyllygynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kämilleşdirilmegine itergi bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Çagalaryň hukuklary bilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň berk baglanyşyklydygy barada hem bellenilip geçildi.

Çäräniň barşynda Konwensiýanyň kabul edilen pursadyndan bäri beýleki ýurtlaryň tejribesi barada, halkara guramalaryň we KHBS-niň çagalaryň huhuklarynyň kämilleşdirilmeginde, çagalaryň hukuklary we bu ugurda işleri alyp barmaklygy hem-de hususyýetçiligiň sosial jogapkärçiligi barada aýdyldy. DÖM-nyň ýaş ilçileri «Biziň çagalarymyz we ýaşlarymyz üçin isleýän Dünýämiz» atly tema boýunça çykyş etdiler.

Şeýle-de, çäräniň dowamynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem-de Türkmenistandaky çagalaryň arzuwlary we maksatlary şöhlelendirilen wideo-maglumatlary görkezildi. 

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanda we bütin dünýäde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany girizmegiň netijeleri hem-de ähli ýerlerde çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň kämilleşdirilmegini goldamak barada aýdyldy we ÝUNISEF-yň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň