Soňky habarlar

Arhiw

Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

21:5720.11.2019
0
169
Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

19-njy noýabrda Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, TÜRKSOÝ türki medeniýetiň halkara guramasy we Stambul uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, dabara Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary, TÜRKSOÝ guramasynyň başlygynyň orunbasary, Türkiýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Baş konsullygynyň işgärleri, ýerli döwlet we jemgyýetçilik guramalary, işewürler we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýew, Stambul uniwersitetiniň rektory M. Ak we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki türkmen topraklarynyň üstünden geçendigini we türkmen halkynyň bu taryhy geçmişini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzda amala aşyrylan işler we çäreler barada giňişleýin bellenip geçildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň türk diline neşir edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Çäräniň çäginde hormatly Prezidentimiziň döreden eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Dabaranyň ahyrynda türkmen milli tagamlary hödür edildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň