Soňky habarlar

Arhiw

TOPH gaz geçirijisiniň başlangyç tehniki-taslama resminamalaryny taýýarlamak işleri doly tamamlandy

18:3120.11.2019
0
1577

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da  kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda «TAPI  Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň  wekili M.Amanow döwlet Baştutanyna serhetdeş ýurtlaryň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Häzirki günde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalaryny taýýarlamak işleri doly tamamlandy, taýýarlanan resminamalar gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini bahalandyrmak işleri tamamlanyp, oňyn netijeler alyndy.

Şeýle hem bu ýurtlaryň çäklerinde topragyň, howanyň we ýer üstüniň şertlerini öwrenmek boýunça barlag-öwreniş işleri tamamlandy. Halkara ölçegleriniň we maliýe edaralarynyň ähli talaplary göz öňünde tutulyp, ýerine ýetirilen bu işleri  geçirmäge jemi 2 müňden gowrak ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdy.

Gaz geçirijiniň gurluşygyny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek üçin potratçylary işe çekmek hem-de şertnamanyň şertlerini ylalaşmak babatda halkara bäsleşikleriniň jemini jemlemek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Halkara bäsleşigine Germaniýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Gresiýanyň hem-de beýleki döwletleriň abraýly nebitgaz enjamlaryny öndürýän we gurluşyk kompaniýalary gatnaşýar.

Şunuň bilen bir hatarda, maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň, Russiýanyň eksport-karz  beriş agentlikleri, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, şeýle hem  taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän beýleki maliýe edaralary we iri halkara banklary bilen gepleşikler dowam edýär.

Taslama gatnaşyjy döwletleriň degişli düzümleri bilen bilelikde, ozaldan bar bolan ylalaşyklaryň üstüni ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ozal Owganystanyň we Pakistanyň hökümetleriniň hem-de kabul edýän taraplaryň arasynda ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekildi. Häzir bolsa bu ylalaşygyň gazy üstaşyr geçirmäge, akdyrmaga degişli düzgünleriniň şertleri ylalaşylýar. Bu işleri geljek ýylyň birinji çärýeginde tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň