Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» döwlet konserni «Mitsubishi Corparation» kompaniýasy bilen täze zawodyň gurluşygy boýunça şertnama baglaşdy

18:2920.11.2019
0
2217

«Türkmengaz» döwlet konserni Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corparation» kompaniýasy bilen ýylda 10 mlrd. kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň  gurluşygy boýunça şertnama baglaşdy.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da  kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew tebigy gazy gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurduň iri känleriň biri bolan Döwletabat käninde önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, daşary ýurt kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribesini we iň täze enjamlaryny öwrenmegiň hem-de peýdalanmagyň hasabyna guýularyň  öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada giňişleýin habar berildi. Bu barada TDH ýazýar.

Ýurduň gündogarynda, Malaý gaz käninde we oňa ýanaşyk Täjibaý meýdançasynda üç ölçegli seýsmo-barlag usuly arkaly geçirilýän gözleg-barlag işleri, şeýle hem  Demirgazyk Çopanguýy meýdançasynda aşaky gatlaklary öwrenmek we olaryň gazlylygyna baha bermek boýunça geçirilýän gözleg-barlag işleri barada habar berildi.

Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corparation» kompaniýasy bilen şu ýylyň sentýabr aýynda ýylda 10 mlrd. kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň ýerüsti gurluşygy boýunça taslamanyň başlangyç tehniki resminamalaryny taýýarlamagynyň deslapky işlerini ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşyldy. Bu desgany tebigy gazyň gory boýunça dünýäde ikinji ýerde duran «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň