Soňky habarlar

Arhiw

Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini guramak meýilleşdirilýär

18:2120.11.2019
0
2745

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da  kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanow   Türkmenistanyň Prezidentine nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu maksatnama laýyklykda, uglewodorod serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, nebitiň gaýtadan işlenilişini çuňlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit  önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak hem-de şol önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda zawodlar toplumynda gurmak göz öňünde tutulan döwrebap tehnologik desgalaryň birnäçesini bina etmek boýunça täze taslamalaryň ençemesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Şolaryň hatarynda Ýewro-5 we ýokary ölçeglere kybap gelýän awtomobil benzinlerini, ýokary hilli tehniki ýaglary hem-de beýleki nebithimiýa önümlerini öndürýän desgalar toplumy bar. Mundan başga-da, Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini guramagyň tehniki  we ykdysady taýdan maksada laýyklygy öwrenilýär. Soňlugy bilen bu önümi polistirol we kauçuk ýaly dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gymmat bahaly önümleri almak üçin çig mal hökmünde ulanmak maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň