Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen sahnasynda Italiýanyň «Paýasy» operasy görkezildi

10:4220.11.2019
0
1880
Türkmen sahnasynda Italiýanyň «Paýasy» operasy görkezildi

Aşgabatda dowam edýän halkara teatr festiwalynyň ilkinji güni Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda türkmen we italýan artistleriniň bilelikde sahnalaşdyrmagynda, Italiýanyň meşhur kompozitory Rijero Leonkowalonyň «Paýasy» operasynyň görkezilişi boldy.

Italýan režissýory Daniele de Planonyň režissýorlyk etmeginde türkmen sahnasynda goýlan operada meşhur italýan aýdymçysy Françesko Anile Kanionyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibi Amanowa Neddanyň, Ismaýyl Jumaýew Tonionyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Aman Amanow Silwionyň, zehinli aýdymçy Nury Nuryýew Peppeniň keşplerini ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat mugallymy-konsertmeýsteri Stella Faramazowanyň baş gahrymanlaryň aýdymlary öwrenilende, olara sazandarlyk etmekde ezberlik görkezdi. Operanyň sahna bezegi italýan suratkeşleri tarapyndan, operanyň gahrymanlarynyň lybaslary bolsa türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanypdyr. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri saz bezegini ýerine ýetirdi. Liriki drama žanrynda ýazylan bu eserde ýönekeý adamlaryň anyk durmuşy açylyp görkezilýär. Onda ýalynly söýgi we nepis lirika özara sazlaşýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň