Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan futbol boýunça saýlama ýaryşdaky 3-nji ýeňşini gazandy

20:2719.11.2019
0
2191

Şu gün – 19-njy noýabrda, ozal habar berlişi ýaly, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty-2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen futbolçylary 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.

Dünýä çempionaty-2022-niň ikinji saýlama tapgyrynyň duşuşygynyň birinji ýarymynyň ahyrynda, has dogrusy, ýygyndylaryň arakesmä çykmazynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz hasaby açdylar.

«Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşygyň 44-nji minutynda Abdy Bäşimowyň tora salan pökgisi Türkmenistanyň ýygyndysyna nobatdaky 3 utugy gazanmaga aýgytly ädim boldy. Ikinji ýarymyň başynda, ýagny 59-njy minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew hasaby 2:0-a ýetirdi.

Oýnuň ahyryna çenli türkmen futbolçylary artykmaçlyk gazananam bolsalar, şondan soňra hasap üýtgemdi. Şeýlelikde, Türkmenistan saýlama ýaryşdaky 3-nji ýeňşini gazandy. Bu barada Futbol Federasiýasy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň