Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

10:1019.11.2019
0
227
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

18-nji noýabrda Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi.

Bu çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý Halk dostluk jemgyýetiniň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň professorlary we mugallymlary, syýatçynaslar we alymlar, kompaniýalaryň hem-de media wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýratynlyklaryny wasp edýän, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döredijilik zähmetleri bilen tanyşdylar.

Tanyşdyryş dabarasyna we seminara gatnaşyjylar bu çäreleriň gurnalmagyna öz hoşallyklaryny bildirdiler, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk hem gülläp ösmegi we parahatçylygy baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň