Türkmenistanyň Prezidenti «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşyjylary gutlady

08:0519.11.2019
0
4094

Şu gün Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwal açylýar. Bu iri medeni çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollady. Onda şeýle diýilýär:

“Hormatly halkara festiwala
gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ylhamyňyzyň elmydama gaýnap joşmagyny arzuw edýärin.

Sizi erkinligiň, bagtyýarlygyň, raýdaşlygyň, rowaçlygyň dabaralanýan mekanynda — myhmansöýer türkmen topragynda, dünýäniň teatr sungatynyň nusgalyk eserleriniň halkara festiwalynda hoş gördük! Onlarça döwletiň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly ynsan köňüllerini birleşdirýär, adamlary ýakynlaşdyrýar, birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga ýardam berýär. Gojaman dünýäniň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere göterilýändigini subut edýän bu halkara medeni çäräniň örän üstünlikli geçjekdigine berk ynanýaryn.

Bu halkara çäre şöhratly taryha, medeni mirasa örän baý türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň ýeten derejesini açyp görkezýän özboluşly baýramdyr. Dünýäniň onlarça döwletinden gelen teatr toparlarynyň artistleriniň görkezjek sahna oýunlarynyň her biriniň milli äheňlere eýedigi, şol bir wagtyň özünde hem olaryň umumadamzat gymmatlyklaryna goşant goşýan eserlerdigi şübhesizdir.

Soňky ýyllarda dostlukly halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek örän ýakymlydyr. Bu teatr festiwalynyň doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky ruhy-medeni gatnaşyklary giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny we medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda örän uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellemelidiris.

Hormatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan ozal görlüp-eşidilmedik eýýama — milli mirasyň we däp-dessurlaryň galkynýan we has-da rowaçlanýan eýýamyna gadam basdy. Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.

Öz gözbaşyny örän gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Türkmen milli teatr sungaty häzirki günlerde täze sahna eserleri bilen has-da baýlaşdyrylýar. Türkmen teatr sungaty daşary ýurtlarda-da giňden tanalýar. Garaşsyz Türkmenistanyň teatr sungatynda dünýä nusgalyk milli mekdebiň döremegi bolsa biziň üçin örän buýsançlydyr. Bir asyra golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik meýdanynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ussatlarynyň uly topary kemala geldi we olaryň milli teatr sungatymyzy dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Sungat ussatlarynyň döreden özboluşly mekdebini bolsa häzirki bagtyýarlyk döwründe teatr sungatyna söýgüsi we yhlasy bilen gelen nesiller dowam edýärler.

Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr. Geçirilýän bu festiwal hem teatr sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça geljekki meýilnamalaýyn möhüm ugurlary kesgitlemäge, şeýle hem onuň wekilleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam eder. Hut şonuň üçin hem bu halkara teatr festiwalynda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň dürli halklarynyň milli sahna eserleriniň onlarçasy görkeziler.

Hormatly halkara festiwala
gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli teatr sungaty täze öwüşgine eýe boldy, täze basgançaklara çykdy. Häzirki döwürde türkmen teatry ýaş nesli ahlak taýdan terbiýeleýän, halkymyzy dünýä hem-de milli ruhy genji-hazynalarymyz bilen tanyşdyrýan medeniýet ojagy bolmak wezipesini dowam etdirýär.

Türkmenistanyň medeniýetini ösdürmegiň işlenip taýýarlanan maksatnamalaýyn strategiýasynyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde sungatyň isleg bildirilýän hem-de meşhur görnüşleri bolan opera, simfoniýa, sirk sungatyna we beýlekilere täzeden ömür berildi. Türkmenistanyň teatrlarynyň sungat ussatlarynyň dünýä derejesine laýyk sahna eserlerini döretmekleri üçin ähli zerur şertleriň bardygyna, gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde teatrlaryň ajaýyp täze binalarynyň birnäçesiniň gurlandygyna siz halkara teatr festiwalynyň dowamynda hem göz ýetirersiňiz.

Bu halkara teatr festiwalynyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde, teatr sungatyny täze eserler bilen baýlaşdyrmakda sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklary üçin möhüm ähmiýetli çäre boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara festiwala
gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli türkmen Diýarynda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, döredijilik ylhamyňyzyň mundan beýläk-de gaýnap-joşmagyny, bu halkara medeni çäräniň işine bolsa uly üstünlikleri arzuw edýärin”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň