Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky Türkmenistan ― Şri-Lanka duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew pikirlerini beýan etdi.
– Biz islendik garşydaşa hormat goýýarys. Şri-Lanka kembaha garamzok. Biz güýçli ýa gowşak garşydaş diýen düşünje ýok. Her bir oýun biziň üçin örän wajyp. Meýdana hemişe ýeňiş gazanmak üçin çykýarys ― diýip, A.Annadurdyýew garşydaş baradaky pikirlerini aýtdy.
– Biz siizň Aşgabatda pökgi geçireniňizi köp wagtdan bäri görmedik. Belki bu size ertir başardar.
– Belki. Her zat bolup biler.
– Duşuşykdan öň biynjalykdan gaçyrýan nähilidir bir ýagdaý barmy?
– Ýok, hiç zat ynjalykdan gaçyranok.
– KHDR bilen bolan duşuşykdan soňra janköýerleriň türkmen futbolyna bolan gyzyklanmasy siziň hem ünsüňizi çekdimi?
– Hawa, gyzyklanma diýseň uly. Tanyşlarym ýa-da köçede gabat gelenler indiki oýnumyz barada gyzyklanýarlar. Indiki oýun haçan, kim bilen oýnaýarys? Bu örän ýakymly.