Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «Türkmenistanyň ýygyndysynyň maksady ýyly toparçada birinji ýa ikinji orunda tamamlamak»

23:1318.11.2019
0
9396

Şu gün paýtagtyň «Sport» myhmanhanasynda bolan metbugat maslahatynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Şri-Lanka bilen boljak duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.

– Milli ýygyndymyzyň KHDR-ny ýeňmeginden soňra Türkmenistanyň raýatlarynda futbola bolan gyzyklanma has hem artdy. Siz bu ýeňşiň ýurtda uly gyzyklanmany döredendiginden habarlydyňyzmy? Ertirki duşuşygyň bosagasynda toparyň ýagdaýy nähili?

– Bu örän gowy ýagdaý. KHDR-nyň ýygyndysyna garşy gazanylan ýeňşe çäksiz begenýändgimizi ýene bir ýola aýtmak isleýärin. Gowy oýun we ajaýyp hasap emele geldi. Duşuşykdan soňra biz oýunçylarymyza bi günlük rugsat berdik. Ondan soň Şri-Lanka bilen boljak duşuşygyň taýýarlygyna başladyk. Bize bu duşuşykda hem 3 utuk gazanmak örän möhüm. Taýýarlandyk we seljerdik. Ertir meýdana diňe ýeňiş üçin çykarys.

– KHDR bilen bolan duşuşykdan soňra nähili seljermeler boldy. Siz haýsy ýalňyşlyklary düzetmeli?

– Diňe ýekeje ýalňyşlygymyz bar. Ol hem standart urgular bilen bagly. Bu gezek urgulary ýerine ýetirmegi başga bir oýunça ynanarys. Galan wezipelerede ähli zat ýerbe-ýer.

Birinji aýlawda geçirilen dört duşuşyk barada näme aýdyp bilerin? Biz saýlama tapgyryň örän çylşyrymly toparçasynda ýaryşýarys. Liwan, KHDR, Günorta Koreýa ― örän güýçli garşydaşlar. Ýöne Türkmenistanyň hem ukyply düzümi bar. Diňe Şri-Lanka bularyň derejesinden biraz aşakda. Şonuň üçin ikinji-üçünji orunlar ugrundaky göreş has ýiti gidýär. Şri-Lanka duşuşygyndan soňra biziň maksadymyz ýyly birinji ýa ikinji orunda jemlemek.

– Bu başardarmy?

– Eger biz ertir utsak, utugymyz 9-a çykar. Koreýa Respublikasy bu tapgyrda oýnanok. Liwandyr KHDR bolsa biri-biri bilen oýnaýar. Olaryň ikisinde-de 7 utuk bar, bizde ― 6. Eger topardaşlarymyzyň özara duşuşygy deňlikde tamamlansa, bize toparçanyň başyna geçmäge mümkinçilik dörär. Bu bolsa biziň üçin örän ajaýyp ruhy goldaw bolar. Göz öňüne getirip görüň: Türkmenistan ― toparçada birinji! Örän ajaýyp! Ýöne ertir diňe utmak gerek.

– Garşydaşyň ejizligi toparyň oýna ünslüligini gowşatmazmy?

– Biz hut şu mesele barada oýunçylar bilen birnäçe ýola gürleşdik. Hatda geçen agşamky ýygnagymyzda hem şu meselä gaýdyp geldik. Öz tejribämden şeýle mysal bar. Horwatiýa myhmançylykda Slowakiýany 4:0 hasabynda ýeňdi. Üç günden soňra Azerbaýjan bilen bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Diýjek bolýan zadym, biz ýene we ýene bir gezek Şri-Lankanyň ýygyndysyna hormat goýýarys. Biz ― rüstem tarap, öz meýdanymyzda oýnaýarys. Ýöne ertir bize ilkinji munutlardan başlap, örän çylşyrymly oýun garaşýar. Futbolçylarymyz bolsa bu oýna ruhy taýdan hem taýýar.

– Hüjümçi Mihail Titow KHDR-nyň ýygyndysy bilen bolan duşuşykdaky şikesinden gutuldymy?

– Hemme zat gowy. Futbolçylar oýna taýýar. Diňe Mekan Saparow ýok.

– Siz ozal Şri-Lanka bilen boljak duşuşykda henize çenli milli ýygyndyda az mümkinçilik alan futbolçylarymyzy hem synap görjekdigiňizi aýdypdyňyz. Ertir şeýle ýagdaýa garaşyp bilerismi?

– Men eýýäm esasy düzümi kesgitledim diýsem hem boljak. Derwezäni ýene-de Mämmet Orazmuhammedowa ynanarys. Goragda Serdar Annaorazow, Abdy Bäşimow, Zafar Babajanow, Amir Gurbany dördüsi bolar. Serdar Geldiýew bilen Wezirgeldi Ylýasow goraga ýakyn oýnar. Sag gyraky ýarym goragçy hökmünde Myrat Ýagşyýewden, çep gyrada Altymyrat Annadurdyýewden peýdalanarys. Öňde bolsa Arslanmyrat Amanow bilen Didar Durdyýew oýnar.

 – Bu ertirki duşuşygyň esasy düzümimi?

– Hawa.

– Metbugat maslahatynda Şri-Lankanyň ýygyndysynyň kapitany Türkmenistany 1:0 hasabynda ýeňip biljekdiklerini aýtdy.

– Olar islän zadyny aýdyp bilerler. Her bir pikire hormat goýýarys. Biziň hem öz pikirlerimiz bar. Galanyny bolsa duşuşyk görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň