Soňky habarlar

Arhiw

Mohamed Fasal: «Türkmenistany 1:0 hasabynda utmaga çalşarys»

20:4118.11.2019
0
4372

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki Türkmenistan ― Şri-Lanka duşuşygynyň öňýanynda geçirilen metbugat maslahatynda myhman ýygyndynyň ýarym goragçy Mohamed Fasal duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi. «Kolombo» toparynyň 29 ýaşly futbolçysy milli ýygyndyda 11 ýyl bäri çykyş edip, 20-den gowrak duşuşyga gatnaşdy. Mohamed Fasal Türkmenistan bilen boljak duşuşykda kpitanlyk daňysyny daňynar. Çünki baş tälimçiniň hem aýdyşy ýaly toparyň kapitany şikes sebäpli oýna gatnaşyp bilmeýär.

– Mohamed, taýýarlyk barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Biz saýlama tapgyryň çäginde dört duşuşyk geçirdik. Bu biziň üçin tejribe tarapdan ähmiýetli boldy. Aşgabatdaky howa şertlerine garamazdan, öz ähli ukybymyzy orta goýarys. Gerek bolsa, utmaga hem mümkinçiligimiz ýok däl.

– Beýle ynamyň sebäbi näme?

– Türkmenistan bilen Kolombodaky duşuşygymyz biziň üçin saýlama tapgyrdaky ilkinji oýundy. Iki gezek ýalňyşdyk we iki gol geçirtdik. Muňa garamazdan, beýleki duşuşyklarda ýeterlik tejribe topladyk. Toparda ýagdaýlar gowy. Başaryp bilsek, Türkmenistany 1:0 hasabynda utmaga çalşarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň