Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýaşlarynyň 39-syna Ýaşlar baýragy gowşuryldy

20:3418.11.2019
0
4934

Öňňin Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän bu dabarada ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini öz döredijiligi, irginsiz zähmeti bilen işjeň wagyz edýän ýaşlaryň 39-syna baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlar:

Nurýagdy Gurbanow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Gurban Gurbanow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Rejepgeldi Ataýew — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Tirkişmyrat Paşşyýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Mergen Kullaýew — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Kerwen Gurbannazarow — Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Gözel Rozyýewa — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Sülgün Bazarowa — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Allamurat Öwezow — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Marketing fakultetiniň täjirçilik hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Öwezgeldi Öwezgeldiýew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Menejment fakultetiniň halkara maglumat işewürligi hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Gülälek Mukymowa — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Aýjemal Amanmedowa — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň syýahatçylyk işewürligi hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Abdulaziz Nuryýew — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Altyn Berdiýewa — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi fakultetiniň halkara žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Mähri Allakowa — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Şöhrat Akyýew — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.

Seýitmämmet Berdimämmedow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Selbi Aşirowa — Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasynyň uly ofiseri (uly edebi işgär).

Baky Amanýazow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.

Ýagşymyrat Annadurdyýew — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýüniň «Merdana nesil» aýdym-saz toparynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.

Merdangeldi Amaniýazow — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň ylmy işgäri.

Aýşat Hojamuhammedowa — «Nesil» gazetiniň öz habarçysy.

Nowruz Güýjow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Syýasy-ykdysady gepleşikler bölüminiň gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Aýgül Taňyrberdiýewa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Saz-söhbetli gepleşikler bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Mahym Oraznabatowa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň Syýasat bölümçesiniň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Ýunus Orazow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Režissýorlar, suratçylar toparynyň režissýory.

Merjen Annageldiýewa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Syýasy-jemgyýetçilik bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Ýakupgeldi Kasymow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň Sport, syýahat we saglyk bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

Batyr Batyrow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň esasy hünärmeniniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.

Jahantäç Öwezowa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak hünäriniň 2-nji ýyl talyby, «Biznes reklama» gazetiniň kompýuterde düzüji operatory.

Sadap Muhamowa — Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň neşir işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Maýsa Hudaýberdiýewa — Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy. Çarymuhammet Muhamow — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

Täçmyrat Mätgeldiýew — Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Nowruz geňeşliginiň Sekizatlyk oba Medeniýet öýüniň tans goýujysy.

Selbi Meredowa — Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Enegül Şallyýewa — Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Arzuw Bekiýewa — Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Ogulnur Ataýewa — Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň ýaşaýjysy.

Annagözel Mekanowa — Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň