Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy bütindünýä reýtinginde 70-nji basgançakda

11:2718.11.2019
0
1297
FIFA-nyň 16-njy noýabrda täzelenen reýtingine görä, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy bütindünýä sanawynyň 70-nji basgançagyna ýerleşdi. Futsalworldranking.be, tarapyndan berilýän maglumata görä, ozalky reýtingde biziň milli ýygyndymyz 72-nji orundady. Bizden bir basgançak ýokarda Türkiýäniň, bir basgançak aşakda bolsa Täjigistanyň ýygyndylary bar. Dünýä sanawynda ilkinji üç orny Braziliýanyň, Ispaniýanyň we Russiýanyň ýygyndylary eýeleýär. Şeýle hem Eýran dördünji, Argentina bäşinji orunda. Ilkinji onluga Portugaliýanyň, Gazagystanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň we Kolumbiýanyň ýygyndylary hem girýär. Aziýa boýunça sanawda bolda Türkmenistanyň ýygyndysyna 14-nji basgançakdan ýer berlipdir.​Ýokarky goňşymyz Iordaniýa, aşakysy Täjigistan. Yklym reýtinginde ilkinji dörtlükde Eýranyň, Ýaponiýanyň, Tailandyň we Özbegistanyň ýygyndylary bar. Awstraliýa bäşinji, Liwan bolsa altynjy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň