Arhiw

Futzal, Türkmenistanyň kubogy ― 2019. Finalyň ady: «Talyp sporty» ―«Migrasiýa»

00:2218.11.2019
0
4007

17 toparyň gatnaşmagynda geçirilen futzal boýunça Türkemnistanyň kubogynda diňe iki topar ― finalçylar galdy. Olar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» toparlarydyr.

Biz ozal ýarym finalyň ilkinji duşuşyklarynda «MIgrasiýanyň» «Deňizçini» 5:1, «Talyp sportunyň» bolsa «Daýhanbanky» 7:4 hasabynda ýeňendigini habar beripdik. Jogap duşuşygynda «Deňizçi» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan hem bolsa, bu ýeňiş final üçin ýeterlik bolmadyk. Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesi boýunça garşydaşyny 5:2 hasabynda ýeňen «Migrasiýa» arzyly Kubok ugrundaky final duşuşygyna adyny ýazdyrdy.

Ikinji jogap duşuşygynda «Talyp sporty» «Daýhanbanky» ýene-de ýeňdi. Özi hem bu gezek 6:1 hasaby bilen.

«Talyp sporty» bilen «Migrasiýanyň» arasyndaky final duşuşygy 18-nji noýabrda gündiz sagat 12-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň