Soňky habarlar

Arhiw

Boks boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy

00:2018.11.2019
0
5375

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap sport desgasynda boks boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirilip, 17-nji noýabrda onuň jemleri jemlenildi ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Gyzlaryň we oglanlaryň arasynda geçirilen çekeleşikli ýaryşlardan soňra öz agramlarynda ýeňiji bolan boksçularyň atlary belli edildi. Netijede, umumytoparlaýyn ýaryşda Aşgabat şäheri ýeňiji boldy. Daşoguz welaýatynyň boksçulary 2-nji orny eýelediler. Balkan welaýatyna wekilçilik edýän boksçular umumytoparlaýyn bäsleşikde 3-nji orna düşdüler.

Boks boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň boks federasiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlary eýelänler guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň