Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ýaponiýanyň III kinofestiwaly geçiriler

00:1918.11.2019
0
749

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ýaponiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy we Ýapon gaznasy tarapyndan 22-nji noýabr ― 1-nji dekabr aralygynda Aşgabat we Mary şäherlerinde ýapon filmleriniň üçünji festiwaly geçiriler.  Festiwal Aşgabatda şäherinde 22-nji noýabrdan 24-nji noýabra, Mary şäherinde 30-njy noýabrdan 1-nji dekabra çenli dowam eder. Filmleriň paýtagtdaky görkezilişi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň kinotetarynda, Marydaky görkeziliş bolsa «Belent» söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda bolar.

Festiwalda ýapon kinematografiýasyna degişli, soňky alty ýylyň dowamynda surata düşürilen filmler görkeziler. Has takygy, festiwalda kino sungatynyň muşdaklaryna «Otagy tämizleýiş» (drama, 2018-nji ýyl), «Deňizden çykan adam» (drama, 2018-nji ýyl), «Fujiko Hemmingiň wagty» (dokumental film, 2018-nji ýyl), «Ykbal: Kamakura barada hekaýa» (fantastika, 2017-nji ýyl), «Popin-Kýu» (multfilm, 2016-njy ýyl), «Samuraý aşhanasy barada erteki» (drama, 2013-nji ýyl), «Kakamyň günortanlyklary» (drama, 2017-nji ýyl) we «Her gün ― ajaýyp» (drama, 2018-nji ýyl) atly filmler garaşýar.

Kinofilmlere giriş tölegsizdir. Filmler ýapon dilinde, rus dilindäki subtitrler bilen görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň