Soňky habarlar

Arhiw

Ramin Babai (Eýran): «Türkmen woleýboluny täze derejä çykarmak isleýärin»

23:5517.11.2019
0
7631

Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda «Türkmenportalyň» habarçysy eýranly meşhur woleýbolçy Ramin Babai bilen söhbetdeş boldy.

42 ýaşly woleýbol hünärmeni 2003 ― 2005-nji ýyllar aralygynda Eýranyň milli ýygyndysynda hem çykyş etdi. Ol dürli klublaryň hatarynda ýurduň birnäçe gezek çempiony hem boldy. Häzir bolsa ol Eýranyň «Jawaheri Gonbad» toparyna tälim berýär. Tälimçiniň Gülüstan welaýatynyň birnäçe topary bilen hem işleşendigini hem ýatladýarys.

Asly türkmen bolan, türkmen dilinde erkin gepläp bilýän tälimçi bilen habarçylarymyz ene dilimizde söhbetdeş boldular.

– Biziň eşidişimize görä, siz Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysyna tälim bermek isleýärsiňiz. Mundan ozal sizde daşary ýurt tejribesi bolupdymy?

– Hawa, men Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysyna ýardam bermek isleýärin. Mundan öň diňe Eýranyň klublaryna tälim berdim, daşary ýurtlarda işlemedim.

– Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşy nähili?

– Häzir başlangyç derejede.

– Size woleýboluň Türkmenistandaky derejesi tanyşmy?

– Eýranyň ýygyndysynda oýnaýan ýyllarymda türkmen woleýbolçylarynyň käbirini tanamaga mümkinçiligim bolupdy. Oýunçy hökmünde Türkmenistana bir gezek gelmek nesip edipdi, indi bolsa tälimçi hökmünde geldim. Maňa bu ýerde işlemegi türkmen tarapy teklip etdi. Maňa-da gowy boljak, dil babatynda hiç bir meselämiz bolmaz.

– Diýmek, bu siziň tanyşlyk saparyňyz bolýar-da!

– Hawa, bu tanyşlyk sapary. Saparyň maksatnamasyna ýerli woleýbol hünärmenleri, tälimçiler, ýaş woleýbolçylar, milli ýygyndynyň agzalary bilen duşuşyklar ýaly möhüm çäreler girizildi. Olarda gyzykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Şeýle hem çagalar toparlarynyň ikisiniň türgenleşiklerine gatnaşdym.

– Woleýboluňyz Türkmenistandaky derejesi barada bir pikire geldiňizmi?

– Saparymyň esasy maksady hem şol. Men woleýboly wagyz etmäge geldim diýsem hem boljak. Oýunçylaryň köpüsi maňa tanyş. Olaryň fiziki taýýarlygy ýokary, özlerem diýseň ukyply. Tehniki we taktiki tarapdan sähelçe kämilleşdirsek, ähli zat gowy boljak.

– Aziýa derejesinde alnanda, Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňünde nähili wezipeler goýuldy?

– Häzir biziň yklymymyzda Eýran, Hytaý, Koreýa, Ýaponiýa we Awstraliýa ýaly döwletler woleýbola öňbaşçylyk edýär. Çynymy aýtsam, häzir olaryň derejesine çykyp bileris diýmek üçin ir. Olar, hakykatdan-da, Aziýa woleýbolynyň «läheňleri». Ýöne bäşinji ― sekizinji orunlaryň aralygy üçin göreşip bileris. Mysal üçin, Pakistan, Hindistan, Gazagystan ýaly döwletleriň ýygyndylarynyň derejesine çykmak mümkin. Galan başgançaklar şondan soň.

– Ozalky oýunçy hökmünde käbir üstünlikleriňizi hem ýatlaýsak.

― Eýranyň ýygyndysynyň düzmüinde 2005-nji ýylda Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň çempiony bolmak nesip edipdi. Milli ýygyndy bilen Aziýa çempionatlaryna gatnaşdym. «Sanam», «Saýpa», «Sirjan» ýaly klublaryň düzüminde birnäçe gezek Eýranyň çempiony boldum.

– Siz serginiň hormatly myhmany. Ol baradaky pikirleriňiz!

– Örän gowy çäre, oňa gatnaşýandygyma juda şat. Täzelikler, täsirli pawilýonlar meniň üçin ýakymly ýatlama bolup galar. Täze dostlar bilen tanyşdym. Sportuň Türkmenistandaky derejesini öwrendim. Siziň hormatly Prezidentiňiziň tagallasy bilen sport iň dogry ýol bilen öňe barýar. Men bu okgunly ösüşe goşant goşmagy tüýs ýürekden isleýärin.

– Türkmenistanyň sport infranstrukturasy barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Birnäçe sport desgalaryna baryp gördüm. Bu ýerdäki şertler Eýrandakydan artykmaç bolaýmasa, pes däl. Hemme zat kämil derejede gurnalypdyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň sporta berýän çäksiz ünsüniň netijesinde amala aşýar. Men Eýranda Türkmenistanyň sportdaky üstünlikleri barada hemişe eşidýärin.

– Özüňiz hem eýranly türkmen. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysyna tälim bermek siz üçin hem mertebelidir.

– Çynymy aýtsam, edil şu wagt mende Tailandyň we Yragyň käbir toparlaryndan hem teklipler bar. Ýöne men diňe türkmen woleýbolçylaryna tälim bermegi isleýärin. Diňe men däl, türkmen halkynyň her bir wekili Türkmenistanda woleýboluň has ýokary derejelere çykmagyny arzuw edýändir. Ine, men hut şol isleg bilen hem şu ýere geldim. Meniň dogduk şäherim bolan Kümmet-Kowusda türkmen dilinde gepleşilýär. Woleýbol bolsa ol ýerde sportuň iň meşhur görnüşi. Eger Türkmenistanda işlemek meýlimiz başa barsa, men başga hiç bir döwlete gitmek islemezdim. Yrakdan ýa Tailanddan gelýän tekliplere garanyňda, meniň üçin Eýranda işlemek dogry ýol diýip hasaplaýaryn.

– Biziň siziň dogduk şäheriňizden meşhur futbolçy Serdar Azmuny hem tanaýarys. Olaryň maşgalasy hem woleýbolçy bolmaly.

– Hawa, Serdar Azmunyň kakasy ― meniň tälimçim. Onuň ady Halil Azmun. Olar bize garyndaşlar ýaly ýakyn. Men Serdara çagalykdan bäri belet. Ol Eýrana gelse, meniň ýanyma gelip gidýär. Ynanmasaňyz, mende onuň suraty hem bar.

– Belki, indiki gezek Aşgabada Serdar Azmun bilen bile gelersiňiz?

– Serdar Azmun türkmendigine örän buýsanýar. Ol ― hakyky türkmen, milli dim-gylymlaryny tüýs ýürekden söýýär. Elbetde, boş wagt tapyp bilse, men oňa bile gaýtmagy teklip ederin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň